Ýaşaýyş üçin iň gowy şertleri hödürleýän ýurtlaryň reýtingi düzüldi: BAE, Bahreýn we Oman

  • 01.12.2024 19:31
  • 12k+

DW neşiri InterNations guramasy tarapyndan düzülen göçüp barmak üçin iň gowy şertleri bolan ýurtlaryň reýtingini hödürledi. Sanawy düzüjiler administratiw amallary, ýaşaýyş jaýy, sanly infrastruktura we dil böwetleri ýaly görkezijileri göz öňünde tutdular.

Sanawda birinji orny Birleşen Arap Emirlikleri eýeledi. Göçüp baranlar BAE-de administratiw meseleleri çözmegiň aňsatdygyna we dil päsgelçilikleriniň ýokdugyna ýokary baha berdiler. Gozgalmaýan emläk üçin bahalaryň ýokarydygyna garamazdan (17-nji orun), ýurt onlaýn hyzmatlar we ýaşaýyş jaýyny gözlemekde döredilen mümkinçilikler üçin ýokary bal aldy.
Ikinji orny Bahreýn eýeledi. Ýurt býurokratik amallary onlaýn çözmegiň amatlydygy we dil böwetleriniň ýokdugy üçin ýokary baha aldy. Ýaşaýyş jaýy üçin baha boýunça ýurt 15-nji orny eýeleýär.
Liderleriň üçlügini Oman jemleýär. Bu ýerde dil bilmezden uýgunlaşmak aňsat, ýaşaýyş jaýy üçin baha bolsa has elýeterli (4-nji orun).
Sanlaşdyrmak we dil päsgelçilikleri boýunça ýokary baha alandygyna garamazdan, ABŞ býurokratiýa we ýaşaýyş jaýyny gözlemek bilen baglanyşykly kynçylyklar sebäpli 14-nji orny eýeledi. Günbatar Ýewropada göçüp barýanlar üçin has amatly şertleri Ispaniýa (reýtingde 18-nji orun), Niderlandlar (19), Belgiýa (21), Lýuksemburg (23), Beýik Britaniýa (26), Şwesiýa (27), Daniýa (28), Şweýsariýa (30), Finlýandiýa (33), Norwegiýa (34) hödürleýär.


düýn 23:58
2.3k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.8k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......