Awstraliýanyň häkimiýetleri çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan edýär

  • 01.12.2024 15:52
  • 3.5k+

27-nji noýabrda Awstraliýanyň Wekiller palatasy we Senaty 16 ýaşdan kiçi raýatlara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan edýän kanun taslamasyny tassyklady. Bu dünýäde şular ýaly ilkinji kanundyr diýip, Associated Press habar berýär.

Aşaky palata heniz Senatda ozal kabul edilen täze kanun taslamasy üçin düzedişleri tassyklamaly bolar, ýöne KHBS munuň diňe bir resmilikdigini belleýär. Hökümet eýýäm ylalaşylan çäklendirmeleri durmuşa geçirmäge razylyk berdi.
Kanun 2025-nji ýylyň noýabr aýynda güýje girer, şonuň üçin platformalaryň ýaş çäklendirmelerini iş ýüzüne geçirmek üçin dogry bir ýyly bar. Ýogsam, olara 33 mln ABŞ dollaryna çenli möçberde jerime salnar.
Awstraliýalylar biometrik maglumatlary ýa-da döwlet identifikasiýasyny ulanmagy göz öňünde tutýan ýaş barlamak tehnologiýasyny ornaşdyrmak isleýärler. Ýöne şeýle ýaş gözegçiligi ulgamy heniz synagdan geçmeli.
Öň, Meta we Google ýaly tehnoägirtler ýurduň hökümetini synaglar gutarýança, täze kanun taslamasyny kabul etmezlige çagyrdy.


22.04.2026 17:08
7.1k+

22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer....

20.04.2026 14:53
12k+

91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

16.01.2026 15:32
1.3k+

Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar

Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär...