FIFA ýylyň iň gowy oýunçysy, derwezebany we tälimçisi atlaryna dalaşgärleri yglan etdi

  • 30.11.2024 18:15
  • 8.9k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dürli nominasiýalarda The Best FIFA Football Awards 2024 baýragyna dalaşgärleri yglan etdi.

Ýylyň iň gowy futbolçysy, derwezebany we tälimçisi adyna dalaşgärleriň sanawy düzülende 2023-nji ýylyň 21-nji awgustyndan 2024-nji ýylyň 10-njy awgustyna çenli döwürde oýunçylaryň we hünärmenleriň gazanan üstünlikleri göz öňünde tutuldy.


“Iň gowy oýunçy” nominasiýasynda 11 futbolçy görkezildi: Jud Bellingem, Dani Karwahal, Toni Kroos, Federiko Walwerde, Winisius (bäşisi hem – Madridiň “Realy”), Kilian Mbappe (“PSŽ”, 2024-nji ýylyň iýunynda “Reala” goşuldy), Rodri, Erling Holand (ikisi-de – “Mançester Siti”), Lionel Messi (“Inter Maýami”), Florian Wirs (“Baýer”) we Lamin Ýamal (“Barselona”).


“Iň gowy derwezeban” kategoriýasynda ýedi dalaşgär hödürlendi: Janluiji Donnarumma (“PSŽ”), Ederson (“Mançester Siti”), Andreý Lunin (“Real”), Mik Menýan (“Milan”), Emiliano Martines (“Aston Willa”), Dawid Raýýa (“Arsenal”) we Unaý Simon (“Atletik”).


Erkekler toparynyň iň gowy tälimçisi ady üçin dalaşgärleriň bäşligine girdi: Karlo Ançelotti (“Real”), Hosep Gwardiola (“Mançester Siti”), Habi Alonso (“Baýer”), Lionel Skaloni (Argentinanyň milli ýygyndysy) we Luis de la Fuente (Ispaniýanyň milli ýygyndysy).

Şeýle-de, iň gowy zenan futbolçy we iň gowy zenan derwezeban, zenanlar toparynyň iň gowy tälimçisi atlary, Marta baýragy, Puşkaş baýragy we beýleki baýraklar üçin dalaşgärler belli boldy.
Ýeňijiler 2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda tamamlanjak ses berişligiň netijesi boýunça kesgitlener.
Ses bermäge, adatça, FIFA agza ýurtlaryň hersinden üç wekil: milli ýygyndylaryň kapitanlary, olaryň baş tälimçileri hem-de žurnalistler gatnaşýar. Mundan başga-da, FIFA-nyň resmi saýtynda janköýerleriň arasynda ses berişlik geçirilýär, netijeler jemlenende onuň netijesi hem göz öňünde tutular.


şu gün 12:33
580

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 18:20
3.6k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.9k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
4k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......