Alibaba 32,5 milliard parametrli AI modelini döretdi. Ol synaglarda OpenAI-dan ýokary çykdy

  • 30.11.2024 14:15
  • 4k+

Alibaba QwQ-32B-Preview atly täze açyk başlangyç kodly emeli aň modelini hödürledi. Ol çylşyrymly logiki we matematiki meseleleri çözmäge ukyply bolup, hatda OpenAI-yň o1-preview we o1-mini modellerinden hem ýokarydyr diýip, TechCrunch habar berýär.

Täze ulgamyň 32,5 milliard parametri bar we uzynlygy 32 000 söze çenli talaplary gaýtadan işlemäge ukyply.
Model AIME we MATH synaglarynda artykmaçlyklaryny görkezdi. Bu synaglar AI-niň çylşyrymly matematika meselelerini we logiki tapmaçalary çözmek ukybyna baha berýär.
Şeýle-de bolsa, QwQ-32B-Preview aragatnaşyk dilini duýdansyz üýtgetmek meýli we paýhasly pikirlenmegi talap edýän meseleleri çözmekde kynçylyk çekmek ýaly kemçilikleri bar.
Bu model beýleki AI ulgamlaryna mahsus bolan ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek edýän, öz-özüni barlamak funksiýasyna eýedir. Bu onuň işini haýalladýar, ýöne çözgütleriň takyklygyny ýokarlandyrýar.
Bu modeli Hugging Face platformasyndan göçürip alyp bolýar, ýöne Alibaba içerki gurluşyna doly göz aýlamaga mümkinçilik bermän, diňe käbir böleklerini açdy.
QwQ-32B-Preview Hytaý düzgünleşdirijilerine doly laýyk gelýär. Açyk çeşme koduna garamazdan, model ylmy we täjirçilik maksatly ulanylmagyny çäklendirýän, bölekleýin ýapyk bolmagynda galýar.
Şeýle “pikirlenip bilýän” modellere bolan gyzyklanmanyň artmagy emeli aňa adaty çemeleşmäniň haýal ösmegine jogapdyr. Bu kompaniýalary tehnologiýany ösdürmegiň täze ýollaryny gözlemäge mejbur edýär.


düýn 00:23
4.6k+

Emeli aň işçi eliniň ýetmezçiliginden kösenýär

Emeli aň industriýasynyň çalt depginler bilen ösmegi, maglumat merkezlerini gurmak we olara hyzmat etmek üçin zerur bolan işçi hünärmenleriniň ýiti ýetmezçiligini ýüze çykardy diýip, WIRED neşiri ýazýar. Netijede elektriklere, gurluşykçylara, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny gurnaýan işgärlerine bolan isleg birden ýokarlandy...

01.02.2026 11:42
1.8k+

Nesil yzarlaýan keselleri önünden çaklamak üçin Google DeepMind täze gural döretdi

Google DeepMind kompaniýasy keselleriň döremegine täsir edýän genetiki faktorlary ýüze çykarmak üçin niýetlenen AlphaGenome atly emeli aň guralyny tanyşdyrdy. Bu model bir wagtyň özünde DNK kodunyň 1 milliona çenli belgisini seljermäge ukyplydyr, bu bolsa täze bejeriş usullaryny işläp düzmäge ýardam eder diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

01.02.2026 10:54
971

YouTube emeli aň arkaly döredilen kontenti «arassalap» başlady

YouTube platformasy emeli aňyň kömegi bilen döredilen pes hilli kontentleri bozup başlady. Şu sebäpli platformadan eýýäm iki uly kanal ýitdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär. Wideomontaž üçin «Kapwing» hyzmatynyň hasabatyna görä, 5,9 million agzasy bolan CuentosFacianantes kanaly bozuldy...

31.01.2026 09:49
2.3k+

Matematikler emeli aňyň adam paýhasyndan öňe geçmejegini subut etdiler

Emeli aňyň başarnyklary hernäçe öwülse-de, bu gün matematiki subutnamalar uly dil modelleriniň (LLM) belli bir çylşyrymlylyk derejesinden ýokary wezipeleri ýerine ýetirmäge ukypsyzdygyny tassyklaýar. Matematik-alymlar Wişal we Warin Sikka tarapyndan geçirilen barlag  hem emeli aň agentleriniň awtonom ýagdaýda adamdan öňe geçmäge päsgel berýän nazary böwet bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny giňişleýin subut edýär...