«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

  • 30.11.2024 11:00
  • 1.8k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen neşirde täze açyşlar, halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy boýunça geçirilen gözlegleriň netijeleri, şol sanda golýazmalar, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýatşynaslyk hem-de ýurdumyzyň taryhy baradaky makalalar ýerleşdirilipdir diýip, TDH habar berýär.
«Täze ylmy açyşlar» bölümi taryh ylymlarynyň kandidaty J.Gurbangeldiýewiň «Änew medeniýetiniň öwrenilişiniň taryhyndan» atly makalasy bilen açylýar. Onda belli arheologlaryň dünýä medeniýetiniň Hytaý, Hindistan, Müsür, Mesopotamiýa, Türkmenistan ýaly medeni-siwilizasiýa ojaklaryny äleme äşgär edendikleri bellenilýär.
Kiýewiň B.Grinçenko adyndaky uniwersitetiniň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory N.Waskiwiň makalasynda Wengriýada hem türkmen şahyrynyň döredijiliginiň meşhurlyga eýedigi bellenilýär. Şeýle hem awtor makalasynda wenger dilinde türki genetiki düzümleriň bardygyny, munuň lingwistik barlaglar arkaly tassyklanandygyny nygtaýar. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty M.Orazowyň «Türkmen prozasynda Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi» atly makalasynda B.Kerbabaýew, B.Seýtäkow, G.Kulyýew, T.Taganow, Ö.Nepesow, G.Gurbansähedow ýaly ýazyjylaryň Magtymgulynyň çeper keşbine gyzyklanma bildirendikleri aýdylýar. Olaryň eserlerinde — hekaýalarda, powestlerde, pýesalarda, romanlarda iki pikir has aýdyň yzarlanylýar: şahyryň ýaşan döwri we onuň şahsy häsiýetleri.
Žurnalyň «Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölümi Bursanyň Uludag uniwersitetiniň mugallymy, professor Ý.Aýdynlynyň «Türkmen şahyry Magtymguly Pyragyda dünýä we adamzat düşünjesi» atly makalasy bilen açylýar. Makalada Magtymgulynyň döredijiligine düşünmäge we oňa baha bermäge synanyşylanda, öňi bilen, şahyryň ýaşan döwrüniň şertleriniň göz öňünde tutulmalydygy bellenilýär. Şeýle hem okyjylaryň dykgatyna filologiýa ylymlarynyň doktory, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy G.Kurambaýewanyň «Özbek şahyry Mirtemiriň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň keşbi» atly makalasy hödürlenilýär. Onda Magtymgulynyň şygryýetinden täsirlenen we ony özüne halypa saýan Özbegistanyň halk ýazyjysy Mirtemiriň (1910 — 1978 ýý.) döredijiligi barada maglumatlar getirilýär.
Neşir «Ylmy we medeni durmuş habarlary» bölümi bilen jemlenýär. Onda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn berilýär.
Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnal häzirki zaman sungat ussatlarynyň nakgaşlyk eserleriniň we fotosuratlarynyň nusgalary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelipdir.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......