Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy bilen resminama gol çekişdi

  • 30.11.2024 10:37
  • 2k+

Aşgabatda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary, beýleki halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakdan ybarat boldy.
Foruma barşynda BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary Wiorel Gusu çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk we azyk üpjünçilik ulgamlarynyň öňünde biodürlüligi saklamak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy ýaly wajyp wezipeler durýar. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi azyk önümleriniň hiliniň gowulandyrylmagyny we möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirýär. FAO öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan sanly oba hojalygy babatda döwrebap çözgütleri ilerledýär. Bu bolsa ekinleriň we topragyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge, çykdajylary azaltmaga, hasyllylygy ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Maslahatyň dowamynda Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) Baş direktory Rafael Grossi sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Bu agentligiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işleri barada bellenildi. Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy bilen howanyň üýtgemegi özara baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgeýän şertleri pudaga öz täsirini ýetirýär. Soňky ýyllarda dünýä ykdysadyýetiniň ösmegi bilen baglylykda, oba hojalyk hem-de senagat önümçiliginiň ýokarlanmagy parnik gazlarynyň artmagyna getirýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygyny howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşdyrmagyň möhümdigi aýdyldy. Munuň özi bu ugurda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyny talap edýär.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň arasynda resminama gol çekildi.
Maslahat “Howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny we azyk ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki çemeleşmeler”, “Durnukly azyk we oba hojalyk ulgamlary üçin howa maliýeleşdirilişini işjeňleşdirmek”, “Tagallalary hereketlere öwürmek: howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky umumy tejribeler hem-de geljekki ädimler” atly bölümçeler boýunça öz işini dowam etdi.


düýn 11:41
2.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......