Türkmenistanda talyplaryň arasynda himiýa boýunça halkara olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 29.11.2024 15:52
  • 4.6k+

Şu gün, 29-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň jemleri jemlenildi. Ýeňijilere sylaglar gowşuryldy. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berilýär.

Olimpiada bilen ugurdaş, bu ýokary okuw mekdebinde “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň hem ýapylyş dabarasy geçirildi.
Halkara olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde, şol sanda şahsy bäsleşik A we B derejede geçirildi. A derejä himiýa hünärinde okaýan we beýleki isleg bildirýän ýokary okuw mekdepleriniň, B derejä himiýa hünäri bolmadyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Olimpiadanyň netijeleri boýunça şahsy birinjilikde A derejede baýrakly orunlaryň 65-si kesgitlenilip, olardan 13-si – birinji, 20-si – ikinji, 32-si bolsa üçünji orunlary eýelän talyplardyr.
Şahsy birinjilikde B derejede baýrakly orunlaryň 45-si kesgitlenilip, olardan 9-sy – birinji, 13-si – ikinji, 23-si bolsa üçünji orunlary eýelän talyplardyr.
Himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadanyň netijeleri boýunça ýeňijilere altyn, kümüş we bürünç medallar hem-de I, II we III derejeli Diplomlar gowşuryldy.
Dabaranyň barşynda halkara ylmy-amaly maslahatda has tapawutlanyp çykyş eden daşary ýurtly gatnaşyjylara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň şahadatnamalary gowşuryldy.
Ýeňiş gazanan talyplaryň sanawyny şu salgydan görüp bilersiňiz.


23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......