“Moana 2” multfilminiň global premýerasy boldy: ol tankytçylarda täsir galdyrmady

  • 29.11.2024 13:16
  • 4k+

“Moana 2” multfilminiň global premýerasy boldy. Ýaş batyrgaý gyzyň wakasyny dowam etdirýän kartina dünýä kinoteatrlarynda görkezilýär.

Sikweliň sýužeti birinji bölümiň wakasyndan birnäçe ýyldan soň ýaýbaňlanýar. Ata-babalardan syrly habar alyp, Moana beýleki halklaryň wekillerini tapmak üçin täze syýahata ugraýar. Oňa köne tanşy Maui, jojuk Pua we horaz Heý-Heý, şeýle-de üç sany täze personaž ýoldaş bolýar.
Umuman, film tomaşaçylaryň göwnünden turdy, ýöne tankytçylaryň synlary tapawutlandy. Olar animasiýa we nägehanlaryň dizaýnyna ýokary baha berdiler. Ýöne ssenariýalar we aýdymlar birinji bölüm bilen deňeşdirilende az täsir galdyrdy.
Vulture neşiriniň synçysy “Moana 2-niň” saundtrekiniň “Brijertonlar” boýunça resmi däl mýuzikliň awtorlary Ebigeýl Barlou we Emili Bear tarapyndan ýazylandygyny we onda bengerleriň ýa-da haýsydyr bir ýatda galyjy owazyň bolmazlygynyň manysyz bir dramany, ýürekgysgynç antagonistleri görkezýändigini ýazýar. Şeýle-de, ol dawanyň sýužetiniň ýasamadygyny belleýär.
Munuň bilen Variety neşiriniň tankytçylary hem ylalaşýar we bu babatda aýdymlaryň köpüsiniň ýasama ýaňlanýandygyny belleýärler.
Personažlara ses bermek üçin öz rollaryna Aulii Krawalo we Dueýn Jonson gaýdyp geldi. Ýöne sikwele birinji bölümiň prodýuseri hem aýdymlaryň awtory Lin-Manuel Miranda gatnaşmady.
Tankyda garamazdan, analitikler multfilmiň dowamynyň üstünlikli boljakdygyny çaklaýarlar: birinji uikendde onuň 225 – 235 mln dollar ýygnamagyna garaşylýar.
2026-njy ýylda Disney “Moananyň” animasion-oýun filmini çykarar we onda hem baş keşbi Dueýn Jonson ýerine ýetirer.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......