Dünýäniň iň garry erkek adamy Beýik Britaniýada 112 ýaşynda aradan çykdy

  • 29.11.2024 12:19
  • 8.6k+

Beýik Britaniýada Ýer ýüzüniň iň garry erkek adamy Jon Tinniswud aradan çykdy. Ol 112 ýaşyndady. Bu barada merhumyň maşgalasyna salgylanyp, Mirror neşiri habar berýär.

Tinniswud 1912-nji ýylyň 26-njy awgustynda, “Titanik” gämisiniň gark bolan ýylynda dünýä indi. Ikinji jahan urşy döwründe ol iňlis goşunynda gulluk etdi. Soň bolsa Shell we BP nebit kompaniýalarynda hasapçy bolup işledi.
Tinniswud 1972-nji ýylda pensiýa çykdy, 14 ýyl soň bolsa aýaly aradan çykdy. Ol aradan çykanda garrylar öýünde ýaşaýardy we ýakynlarynyň sözlerine görä, “söýgi we aýdym-saz bilen gurşalandy”. Yzynda bir gyzy, dört agtygy we üç çowlugy galdy.
Ol 2024-nji ýylyň aprelinde wenesuelaly öňki rekord eýesi, fermer Huan Wisente Peres Mora ýogalandan soň, dünýäniň iň garry adamy diýen ada eýe boldy.
Özüniň 112 ýaşy barada Tinniswud uzak ýaşamagyň hiç hili syrynyň ýokdugyny, diňe ýaşlygynda işjeň bolandygyny, köp ýöreýändigini we her anna güni gowrulan ýeralma bilen balyk iýendigini aýtdy. Ýeke-täk beren maslahaty - hemme zatda çakyny bilmek.


düýn 19:18
1.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......