Öňki filmleriň dowamy has üstünlikli boldy: olar ýylyň iň girdejili filmleriniň ilkinji onlugyny düzdi

  • 29.11.2024 12:15
  • 1.8k+

2024-nji ýylda ýylyň iň girdejili 10 filminiň ählisi sikwel (öň çykan filmiň dowamy) boldy, şeýle ýagdaý kinematografyň taryhynda ilkinji gezek bolup geçdi diýip, Gamesradar ýazýar.

Şu ýyl diňe iki taslama 1 mlrd kassa ýygymyndan geçmek başartdy – “Tapmaça 2” (Головоломка 2, $1,7 mlrd) we “Dedpul we Rosomaha” (Дэдпул и Росомаха, $1,3 mlrd). Üçlügi tutuş dünýä boýunça $969 mln ýygnan “Ýigrenji men 4” (Гадкий я 4) jemleýär.
28-nji noýabra çenli ýagdaýa görä, ilkinji onlukdaky galan filmler şeýle görnüşde paýlandy:

  • ·“Dýuna: Bölüm 2” (Дюна: Часть 2, $714 mln)
  • ·“Godzilla we Kong: Täze imperiýa” (Годзилла и Конг: Новая империя, $571 mln
  • ·“Kung-fu Panda 4” (Кунг-фу Панда 4, $547 mln)
  • ·“Wenom: Iň soňky tans” (Веном: Последний танец, $457 mln)
  • ·“Bitljus Bitljus” (Битлджус Битлджус, $451 mln)
  • ·“Güm bol ýa-da öl” (Плохие парни до конца, $404 mln)
  • ·“Maýmynlaryň planetasy: Täze patyşalyk” (Планета обезьян: Новое царство, $397 mln).

Bu waka özboluşly boldy, çünki kino taryhynda diňe 2015-nji we 2022-nji ýyllarda iň girdejili filmleriň onlugyna sekiz sikwelden köp girmändi. Hünärmenler premýerasynyň ýakynda bolandygyna garamazdan, eýýäm 164,2 mln dollar ýygnan “Zalym” (Злая) mýuzikliniň hem ýagdaýy üýtgedip biljekdigini çaklaýarlar diýip, Variety ýazýar.
Bazarda filmleriň dowamynyň agdyklyk etmegi käbir kinematografçylara, şol sanda režissýor Jorj Lukasa Golliwudy filmleri döretmekde özboluşlylygyň we täze pikirleriň ýokdugy üçin tankytlamaga sebäp döretdi.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......