World Travel Awards 2024 syýahatçylyk baýragy 300 nominasiýada ýeňijileri yglan etdi

  • 29.11.2024 19:24
  • 2.8k+

Madeýrada geçirilen dabarada syýahatçylyk pudagynda gazanylan üstünlikler üçin berilýän World Travel Awards 2024 baýragynyň laureatlary yglan edildi. Baýrak 300-den gowrak dürli kategoriýada gowşuryldy diýip, Karryon habar berýär.

Şu ýyl dünýäniň iň gowy syýahatçylyk ugry diýlip Maldiwler ykrar edildi. Bu adalar iň gowy ekologiýa taýdan arassa ugur titulyna-da eýe boldy.
Ýamaýka iň gowy kruiz ugry adyny aldy, iň gowy kenar şypahanasy baýragyny bolsa Portugaliýanyň günortasyndaky Algarwi sebiti aldy. Madeýra adalary iň gowy ada ugry kategoriýasynda ýeňiş gazandy, Gonkong iş saparlary üçin iň gowy ýer, Manila iň gowy şäher ugry boldy.
Dünýäniň iň gowy oteli hökmünde Dubaýdaky kaşaň 5 ýyldyzly Jumeirah Al Naseem saýlandy. Sardiniýadaky Forte Village Resort bolsa iň gowy kenar oteli hökmünde eýýäm ilkinji gezek baýrak alanok. Arzan myhmanhanalaryň arasynda guramaçylar Holiday Inn ulgamyny bellediler.

Pars aýlagynyň ýurtlaryndaky awiakompaniýalar syýahatçylyk ugrunda örän gowy netijeleri görkezdiler: Qatar Airways dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy bolup, iň gowy biznes-klass üçin baýragy aldy, Etihad Airways iň gowy ekonom-klass, müşderi hyzmaty we garaşylýan zal üçin üç baýrak aldy, Emirates bolsa birinji klass we brend üçin iki baýraga mynasyp boldy.
Ýylyň iň gowy arzan awiakompaniýasy AirAsia boldy. Syýahatçylyk ýadygärlikleri kategoriýasynda Maçu-Pikçu ýeňiş gazandy, iň gowy syýahatçylyk kärhanasy hökmünde Filippinleriň syýahatçylyk gullugy saýlandy.

World Travel Awards baýragynyň esaslandyryjysy Grem Kuk “ýeňijileriň syýahatçylyk pudagynyň elitasyny görkezýändigini we olaryň her biriniň dünýäniň syýahatçylyk ykdysadyýetiniň ülňülerini ýokarlandyrandygy üçin gutlaga mynasypdygyny” belledi.


23.06.2026 09:50
4.7k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......