“Kalmar oýnunyň” ikinji möwsüminiň doly derejeli treýleri hödürlendi

  • 28.11.2024 18:29
  • 8.4k+

Netflix “Kalmar oýny” koreý serialynyň ikinji möwsüminiň doly derejeli treýlerini çykardy. Täze bölümler 26-njy dekabrda hödürlener.

Serialyň dowamy täze diri galmak ýaryşy barada gürrüň berer. Son Gi-hun (oýunçy 456) oýnuň soňuna çykmak üçin ýene oýna dolanýar. Baş rola “Emmi” baýragynyň eýesi Li Jon-je gaýdyp geldi.
“Kalmar oýny” 2021-nji ýylda ilkinji gezek görkezildi we Netflix-iň taryhynda iň köp tomaşa edilen şou boldy. Serialyň ahyrky üçünji möwsümi 2025-nji ýylda çykar.
Öň, serialyň iňlis dilindäki remeýkiniň üstünde “Söweş kluby” (Бойцовский клуб), “Benjamin Battonyň syrly wakasy” (Загадочная история Бенджамина Баттона) we “Ýiten” (Исчезнувшая) filmler bilen tanalýan režissýor Dewid Finçeriň işleýändigi belli boldy.


şu gün 20:14
1.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 11:08
2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......