Magtymguly adyndaky TDU-da himiýa boýunça halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

  • 28.11.2024 17:57
  • 3k+

27-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy, şeýle hem umumy mejlisi geçirildi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Halkara maslahatyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Täjigistandan, Ermenistandan we Türkmenistandan professor-mugallymlar hem-de alymlar gatnaşdylar.
Umumy mejlisde çykyş eden professor-mugallymlar himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi bilen baglanyşykly ylmy nutuklar bilen çykyş etdiler.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň işi “Himiýa okatmagyň döwrebap usullary we olary kämilleşdirmegiň ýollary”, “Täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri we geljegi” hem-de “Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny” atly bölümleriň üçüsinde alnyp barlar.


23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......