“Pukaralykdan çykan millioner” filminiň dowamy çykarylar

  • 28.11.2024 15:17
  • 6.8k+

Bridge7 kinokompaniýasy “Pukaralykdan çykan millioner” («Миллионер из трущоб») filminiň dowamyny çykarmaga hukuk aldy diýip, Variety habar berýär. Bu şertnama Britaniýanyň asyl filmiň döredilmegine gatnaşan Celador studiýasy bilen baglaşyldy.

Netflix-iň öňki prodýuseri Swati Şetti we CAA-nyň öňki agenti Grant Kessman tarapyndan döredilen Bridge7 kompaniýasy Celador we Film4 bilen hyzmatdaşlykda sikweliň üstünde işläp başlar. Kompaniýa öz beýanynda: "Her dürli gahrymanly her hili adam kysmatlaryny" döretmekden ugur alýandygyny aýtdy.

“Käbir hekaýatlar titrlerden soňam köp wagtlap ýatda galýar we “Pukaralykdan çykan  millioner” hem şolaryň biridir. Bu sýužet medeni we geografiki çäklerden çykyp gidýär" - diýip, Şetti we Kessman belledi.
Swati bilen Grantyň öz täze kompaniýasyny açmak üçin "Pukaralykdan çykan millioneriň" sikwelini saýlandygyna begenýärin" – diýip, öz nobatynda Celador International kompaniýasynyň başlygy Pol Smit sözüniň üstüni ýetirdi.

2008-nji ýylda düşürilen bu film iň gowy film we iň gowy režissýor ýaly baýraklary hem goşmak bilen, sekiz sany “Oskar” baýragyny aldy. Şeýle hem bu film uly kinoteatrda ilkinji gezek çykyş eden aktýor Dew Pateliň halkara derejesinde ykrar edilmegine sebäp boldy.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......