Disney “Lilo we Stiç” multfilminiň oýun remeýkiniň treýlerini çykardy

  • 28.11.2024 11:28
  • 2.4k+

Disney kompaniýasy meşhur “Lilo we Stiç” multfilminiň geljekki oýun remeýkiniň treýlerini çykardy.

Wideoda baş personaž Stiç Disney-iň nyşany bolan meşhur Noýşwanştaýn galasynyň çägeden ýasalan nusgasyny ýumurýar.
Remeýk 2002-nji ýyldaky asyl animasion lenta esaslanýar. Kinowersiýa multfilmiň esasy sýužetini saklar: 626 hökmünde belli bolan howply genetiki nusga Kauai adasyna düşýär. Ony dörediji, zalym alym Jamba Jukiba (Zak Galifianakisiň ýerine ýetirmeginde) jandary itleriň saklanýan ýerine iberýär. Şol ýerde Lila atly gyzjagaz (Maýýa Kealoha) ony özüne alýar. Jandara Stiç diýlip at berilýär. Olar bilelikde dost bolup, ýagşylygyň tarapyna geçerler.
Şeýle-de, filmde hanym Kekoa (Tia Karrereniň ýerine ýetirmeginde), Lilonyň uýasy Nani (Sidni Agudong) we jemgyýetçilik işgäri Kobra Babls (Kortni B.Wens) ýaly täze personažlar peýda bolar.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......