Superkompýuter şu möwsümde APL-de ýeňiş gazanmaga ýakyn topary kesgitledi

  • 27.11.2024 19:15
  • 10k+

Opta statistika platformasynyň superkompýuteri 2024/2025-möwsüminde Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) klublarynyň geçen 12 tapgyryň jemi boýunça ýeňiş gazanmak mümkinçiliklerini çaklady.

Superkompýuteriň hasaby boýunça, “Liwerpul” ýaryşda 69,5% ähtimallyk bilen çempion bolup biler. Arne Slotuň klubuň baş tälimçisi hökmündäki ilkinji möwsümi ýokary ähtimallyk bilen altyn medal bilen tamamlanyp biler.
Häzirki wagtda topar APL-iň ýaryş jedwelinde 31 utuk bilen birinji orny eýeleýär.
Superkompýuter 8 utuk aratapawut bilen ikinji orunda gelýän “Mançester Sitini” hem ikinji faworit hasaplaýar. Hosep Gwardiolanyň topary superkompýuterden 23,3% aldy.
“Arsenalyň” mümkinçiligi bu toparlara garanyňda has az – 6,5%. Häzir klub 22 utuk bilen çempionatda dördünji orunda gelýär. “Çelsiniň” hasabynda-da şonça utuk bar, ýöne onuň ýeňiş gazanmak ähtimallygy bary-ýogy 0,6% diýlip hasaplanylýar. 


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.8k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....