BAE-de we Indoneziýada geçirilen bäsleşiklerde ýeňiş gazanan türkmen okuwçylaryna sylaglar gowşuryldy

  • 27.11.2024 16:38
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde halkara bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlary sylaglamak dabarasy boldy. Türkmen okuwçylary we talyplary noýabryň birinji on günlüginde Dubaý şäherinde «MEMORIAD – 2024» Bütindünýä olimpiadasynda we Bali şäherinde VI halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda üstünlikli çykyş etdiler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 4-11-nji noýabry aralygynda geçirilen «MEMORIAD – 2024» bäsleşiginde dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan 150-den gowrak mekdep okuwçylary güýç synanyşdy. Bu ýaryşlarda Türkmenistanyň düzüminde orta mekdepleriniň 17 okuwçysy bolan milli toparymyz ilkinji gezek çykyş etdi hem-de ajaýyp netijeleri görkezdi.
Olimpiadanyň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Ogulmaral Altyýewa we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Mekan Nurgeldiýew altyn medallary gazandylar. Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýgül Ýusupowa kümüş medala mynasyp boldy.

Indoneziýa Respublikasynyň Bali şäherinde 5-10-njy noýabry aralygynda geçirilen VI halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda (6th International Science and Invention Fair (ISIF)) türkmen okuwçylarynyň ylmy işläp taýýarlamalary ýokary baha eýe boldy. Iri halkara wakasy dünýäniň 24 ýurdundan toparlaryň 324-sini bir ýere jemledi.
Bu çäräniň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-12-nji synp okuwçylary tapawutlandylar. Döwletmyrat Alymuhammedow ýörite baýraga we altyn medala mynasyp boldy, Kerimberdi Myratlyýew we Rahmanberdi Ödemyradow altyn medallary aldylar. Oguzhan Mergenow hem-de Muhammetguly Oraznepesow kümüş medallara mynasyp boldular.
Şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyplary Ýaran Hudaýberdiýew we Kerim Meredow hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gowşut Akmyradow altyn medallaryň eýeleri boldular.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan Hormat hatlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


düýn 23:02
3.7k+

Türkmenistanda mekdepler üçin pars dili we biologiýa boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maslahaty boýunça ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary üçin iki sany täze okuw kitaby neşir edildi....

26.04.2026 20:55
3.2k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......

26.04.2026 20:50
1.8k+

Magtymguly adyndaky TDU we d’Annunsio uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Italiýanyň Gabriele d’Annunsio adyndaky uniwersiteti onlaýn-maslahat geçirip, hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi....

25.04.2026 19:30
2.5k+

Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Astana şäherinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbegiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu......