Adam ýuwýan kir maşyn: Ýapon kompaniýasy täze tehnologiýa hödürledi

  • 27.11.2024 09:51
  • 16k+

Science Co. kompaniýasy Mirai Ningen Sentakuki (terjime edilende "geljegiň adamlary ýuwýan kir maşyny" diýen manyny berýär) atly enjamyň nusgasyny döretdi, bu enjam adamy 15 minutda ýuwup hem guradyp bilýär. Enjam 2025-nji ýylyň aprelinde Osaka Kansai Expo sergisinde görkeziler, diýip Asahi neşiri habar berýär.

Enjam içi oturgyçly, ýokarky bölegi açyk çarçuwaly kabinadan ybaratdyr. Suw kabinany doldurýar, görkezijiler bolsa basyşy we beýleki biometrik maglumatlary barlap, temperaturany sazlaýarlar. Şeýle hem emeli aň ulgamy “aýnanyň” ýüzüne dürli şekilleri proýesirläp, rahatlandyryjy şertleri döredýär.
Osakadaky sergide öndüriji günde sekiz adama çenli ýuwup, guratmak hyzmatyny teklip etmegi meýilleşdirýär.
Geljekde bu enjamyň öýde ulanylmaga niýetlenen wersiýasynyň hem çykarylmagyna garaşylýar.
Science Co. kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ýasuaki Aoýama, 1970-nji ýylda Osakada geçirilen Bütindünýä sergisinde (Expo 70) "adam ýuwýan kir maşynyň" ilkinji nusgasyny görendigi barada gürrüň berdi, emma şol wagt enjam täjirçilik meşhurlygyny gazanmady. Aoýama bu taslamadan täsirlenip, bu pikiri has kämilleşdirilen görnüşde durmuşa geçirmek isledi.
Techcrunch neşiriniň belläp geçmegine görä, enjama nusga hökmünde hem seredilýär we onuň köpçülikleýin önümçilige çykmazlygy mümkin.


düýn 20:11
991

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

düýn 17:01
1.2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.6k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......