Emeli hemralaryň üsti bilen kosmosdan Ýeriň düşürilen suratlaryna seredip görüň

  • 26.11.2024 15:51
  • 16k+

Amerikanyň Maxar Intelligence kompaniýasy täze WorldView Legion hemralaryndan alnan ilkinji suratlary çap etdi. Bu apparatlar ownuk obýektleriň jikme-jik şekillerini we Ýer togalagynyň üstüniň ýokary durulykdaky suratlaryny  almak üçin niýetlenendir.

Täze emeli hemralar 45° eňňit bilen orbita çykaryldy, bu sebitleri şapak ýagtylandan Gün ýaşýança surata düşürmäge mümkinçilik berdi.
Bu konfigurasiýa planetanyň ilatynyň takmynan 90%-niň ýaşaýan ýerlerini öz içine alýar. Şeýle hemra maglumatlary, esasanam, kartografiýada, oba hojalygynda we tebigy hadysalara gözegçilik etmekde has hem gereklidir.


04.05.2026 10:55
560

SpaceX kompaniýasy IPO-dan öň maýadarlary orbital maglumat merkezi taslamasynyň töwekgelçilikleri barada duýdurdy

2026-njy ýylyň iýun aýynda paýnamalary ilkinji gezek köpçülige hödürlemegi (IPO) meýilleşdirýän SpaceX kompaniýasy potensial maýadarlary emeli aň üçin orbital maglumat merkezlerini döretmek bilen baglanyşykly......

23.02.2026 14:41
3.4k+

Ilon Mask: «Starship-iň täze nesli mart aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar»

Ilon Mask özüniň X jemgyýetçilik torunda täze nesil Starship kosmos gämisiniň şu ýylyň mart aýynda ilkinji gezek uçuryljakdygyny habar berdi. Flight 12 uçuşy Starship V3 arhitekturasynyň ilkinji synagy bolar. Bu gäminiň has kämilleşdirilen we güýçli görnüşidir...

13.02.2026 10:25
1.3k+

Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi

Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat...

10.02.2026 11:20
9.4k+

Ilon Mask 10 ýyla ýetirmän Aýda şäher gurup boljakdygyny aýdýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy Marsy eýelemek meýlini ikinji orna süýşürip, ünsüni Aýa gönükdirdi. Indi milliarder Aýda öz-özüni ösdürýän şäheriň taslamasy barada çynlakaý pikir ýöredýär...