Lunar Dawn Aý ulagy Starship raketasynda Aýa ugradylar

  • 26.11.2024 13:25
  • 4.9k+

Lunar Outpost kompaniýasy SpaceX bilen Lunar Dawn rowerini (Aý ulagy) Aýa ugratmak barada şertnama baglaşdy. SpaceNews-iň habar bermegine görä, enjam Starship gämisiniň üýtgedilen görnüşiniň kömegi bilen Aýyň üstüne eltiler.

Missiýanyň başlajak senesi we jikme-jiklikleri entek aýan edilmedi. Hünärmenler muny NASA-nyň Artemis programmasynyň missiýalary üçin Aý ulagyny saýlamak meýilnamasy bilen baglanyşdyrýarlar.
NASA-nyň yglan eden bäsleşigine Lunar Outpost-dan başga-da, Intuitive Machines we Venturi Astrolab kompaniýalary hem saýlandy. Olaryň her biri esasy hyzmatdaşlaryň goldawyny alýarlar. Mysal üçin, Intuitive Machines-e Aý ulagyny gurmakda MDA Space, Goodyear, General Motors we Leidos kompaniýalary kömek edýärler.
NASA Lunar Outpost-yň taslamasyny saýlamadyk we ony maliýeleşdirmegi dowam etdirmedik ýagdaýynda-da, kompaniýa taslamadan ýüz öwürmezlik kararyna geldi. Enjam kosmonawtlary daşamaga we özbaşdak işlemäge ukyplydyr, bu bolsa bazara gatnaşyjylaryň köpüsini gyzyklandyryp biler.
Bulardan aýratynlykda, NASA 2032-nji ýylda Ýaponiýanyň germetiki roweriniň Aýa görkezme uçurylyşy üçin Starship-i saýlady. Bu taslama Artemis programmasyndaky kompaniýalaryň missiýalary şowsuz bolan ýagdaýynda, töwekgelçiligi azaltmak üçin JAXA bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....