Aşgabatda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça sergi we maslahat öz işine başlady

  • 26.11.2024 12:15
  • 3.3k+

Şu gün, 26-njy noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylary gutlady.Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, ýurdumyzyň gatnaşmagynda we başlangyçlary esasynda dünýä üstaşyr ulag gatnawlary bilen baglanyşykly köp işler amala aşyrylýar. Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda “Lapis Lazuli” ugry boýunça Ylalaşyk, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

"Türkmenistan bu gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, portlar ýaly üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek we goldamak üçin döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny has-da jebisleşdirmegiň, bu ugra maýa goýumlary çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň döredilmegine aýratyn üns berýär" diýip, döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary kabul etdi. Bu möhüm resminamalar Türkmenistanda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......