Awstriýaly santehnik ussa 2 million funt sterlinglik altynly hazyna tapdy: oňa hazynanyň ýarysy degişli bolar

  • 25.11.2024 22:36
  • 18k+

Awstriýada santehnik ussa tötänden agramy 30 kilograma barabar bolan altyn teňňelerden ybarat hazynany tapdy. Olaryň umumy bahasy 2 million funt sterling diýlip çaklanylýar diýip, The Sun gazeti ýazýar.

Hazyna gurluşyk işleri wagtynda ýerzeminden tapylypdy. Işçiniň ünsi poldan çykyp duran ýüpde eglendi. Munuň nämedigini bilmek üçin ýüpi çekdi, ýöne hiç zat çykaryp bilmedi. Soňra ussa betony döwdi we altyn teňňelerden doly sandygy tapdy. Teňňeleriň ýüzünde awstriýaly kompozitor Mosartyň portreti şekillendirilipdirler.
Şaýy pullaryň Ikinji jahan urşy döwründe gizlenendigi çak edilýär.
Awstriýanyň kanunyna görä, tapyndy ony tapan bilen binanyň eýesiniň arasynda bölünmelidir. Şeýlelikde ussa 1 million funt sterling alar.


düýn 18:12
629

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

25.04.2026 16:02
6.3k+

Ýewropada çaga iýmiti bilen bagly galmagal: «HiPP-iň» önümlerinden alaka zäheri tapyldy

Awstriýada, Çehiýada we Slowakiýada nemes brendi bolan «HiPP-iň» çaga iýmitleriniň gaplaryndan alaka zäheri tapyldy. Awstriýanyň häkimiýetleri eýýäm «SPAR» marketler torunyň 1000-den gowrak dükanlaryndan......

23.01.2026 12:02
8.5k+

Awstriýada zähmet guralyny ulanmaga ukyply sygyr tapyldy

Awstriýada öz kowum-garyndaşlaryndan üýtgeşik ukyplara eýe bolan Weronika atly 13 ýaşly sygyr tapyldy. Onuň hojaýyny haýwanyň taýagy, sübsäni we dyrmygy ýokary göterip, olary endamynyň ýetmeýän ýerlerini gaşamak üçin ulanýandygyna syn etdi...

18.12.2025 23:57
1.7k+

Aşgabatda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi

17-nji dekabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar...