Aşgabatda himiýa boýunça III halkara olimpiadasy badalga aldy

  • 25.11.2024 15:08
  • 3.1k+

Şu gün, 25-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasy açyldy. Bu barada TDU-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Olimpiada Russiýadan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Eýrandan, Türkiýeden, Belarusdan, Gazagystandan, Ermenistandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden talyplaryň 220-ä golaýy gatnaşýar.
Halkara olimpiadasynyň çäginde “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem geçirilýär.
Olimpiada halkara ülňülerine laýyklykda, şahsy we toparlaýyn görnüşde A we B derejede geçirilip, oňa ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň professor-mugallymlary, alymlary, hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymary, alymlary eminlik edip, Ýaponiýanyň alymlary synçy hökmünde gatnaşýarlar.
Olimpiada 30-njy noýabra çenli dowam eder.


23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......