Italiýanyň tennis boýunça milli ýygyndysy Ýannik Sinner bilen yzygider ikinji ýyl Dewisiň kubogyny aldy

  • 25.11.2024 14:23
  • 2.9k+

Italiýanyň tennis boýunça erkekler topary yzly-yzyna ikinji ýyl Dewisiň kubogyny aldy. Şu ýyl Ispaniýanyň Malaga şäherinde geçirilen ýaryşyň finalynda italýanlar Niderlandlaryň ýygyndysyny ýeňdi diýip, championat.com ýazýar.

Ilkinji duşuşykda italýan tennisçisi Matteo Berrettini öz garşydaşy Botik wan de Zandshulpy 6:4, 6:2 hasabynda ýeňdi.
Ikinji oýunda dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Tallon Grikspory 7:6 (7:2), 6:2 hasabynda ýeňdi.
Bu Italiýanyň Dewisiň kubogynyň taryhynda üçünji ýeňşidir. Topar ilkinji gezek 1976-njy ýylda ýeňiş gazandy. Ondan 47 ýyl soň, ýagny 2023-nji ýylda bu kubagy ikinji gezek eýelemegi başardy.
Niderlandlaryň tennis boýunça milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek erkekler toparynyň ýaryşynyň final oýnuna gatnaşdy.


20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....