Erteki elhençlige öwrülýär: täze horroryň surata düşürilip başlanjak senesi anons edildi

  • 25.11.2024 12:43
  • 4.2k+

Çagalar ertekileriniň gahrymanlary bilen elhençlikler kinoälemini döredijiler täze filmiň surata düşürilip başlanjak senesini anons etdiler. Bu gezek Winni-Puh, Pinokkio we Piter Pen zalymlar toparyna birleşerler.

2025-nji ýylyň mart aýynda öň çykarylan horrorlaryň gahrymanlaryny bir krossower-lenta birleşdirjek film surata düşürilip başlanar. Winni-Puhdan, Pinokkiodan we Piter Penden ruhlanan personažlar adamlaryň arasynda bulam-bujarlygy döredýän esasy antagonistlere öwrüler.
Beýleki personažlaryň arasynda Ýemşijek, Gaplaň, Däli Şlýapaçy, Bembi, Din-Din, Ukudaky gözel we beýlekiler bar.
Filmiň sýužeti häzirlikçe gizlin saklanýar. Taslama “Puhwýors: Nägehanlar, birleşiň” (Poohniverse: Monsters Assemble) iş adyny aldy.
Film “Puhwýors” (Poohniverse) ady bilen hem tanalýan “Ýoýlan çagalygyň älemi” (The Twisted Childhood Universe) kinofranşizasynyň bir bölegi bolar. Taslamany döredijiler – prodýuserler we režissýorlar Ris Freýk-Uoterfild we Skott Jeffri filmlerde ulanmak hukugy jemgyýetçilik emlägine geçen erteki personažlaryny ulanýarlar.
Birinji film – “Winni-Puh: Gan we bal” (Winnie-the-Pooh: Blood and Honey) 2023-nji ýylda çykdy we kino tankytçylary hem tomaşaçylar tarapyndan ýiti tankytlandy. Muňa garamazdan, film prokatda önümçilik çykdajylaryny on esse ödedi. 2024-nji ýylda “Gan we bal 2” sikweli çykdy, ol tankytçylaryň pikiriçe, has gowy boldy.
Häzirki wagtda postprodakşn tapgyrynda ýene iki film bar – “Piter Pen: Netlandiýadaky elhençlik” (Peter Pan’s Neverland Nightmare) we “Bembi: Ar” (Bambi: The Reckoning). Munuň bilen ugurdaş “Pinokkio: Terbiýesiz” (Pinocchio: Unstrung) filminiň surata düşürilişi tamamlanýar. Üç filmiň hem relizi 2025-nji ýyla meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Ukudaky gözel we Garpamyk barada aýratyn filmler taýýarlanýar.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......