Killian Mýorfi Irlandiýada iň gadymy kinoteatrlaryň birini satyn aldy

  • 25.11.2024 12:19
  • 5.2k+

Irlandiýaly aktýor, “Oppengeýmer” filmindäki keşbi üçin “Oskar” baýragynyň eýesi Killian Mýorfi aýaly, suratkeş Iwonn MakGinness bilen bilelikde Dingl şäherindäki The Phoenix Cinema kinoteatryny satyn aldy. 1919-njy ýyldan bäri işleýän bina Irlandiýanyň möhüm taryhy we medeni desgasy hasaplanylýar diýip, Deadline ýazýar.

Är-aýal kinoteatry abatlamagy we ony köpugurly giňişlige öwürmegi meýilleşdirýär. MakGinness bu ýeriň döredijilik mümkinçiliklerini açmak isleýändiklerini belledi.
Mýorfi “Feniksiň” Dingliň medeni durmuşynyň möhüm bölegidigini, çünki munuň şäherde we ýarym adada ýeke-täk kinoteatrdygyny belläp geçdi.

“Men tomus dynç alyş günleri kiçijik oglanjyk wagtymdan bäri film görmek üçin “Fenikse” gidýärin. Kakam heniz ýaş wagty, menden öň ol ýerde filme tomaşa ederdi we biz hem öz çagalarymyz bilen “Feniksde” köp filme tomaşa etdik” – diýip, aktýor gürrüň berdi.

Kinoteatr doganlar Jimmi we Jonni Hulihanlar tarapyndan esaslandyryldy we iki gezek weýrançylykly ýangyny (1921-nji we 1938-nji ýyllarda) başdan geçirdi, şondan soň iki gezek gaýtadan dikeldildi. Soňky dikeldişden soň ol külden täzeden dogulmaga ukyply bolan mifologiki guşuň hormatyna häzirki “Feniks” adyny aldy. Binanyň ar-deko stilinde fasady we feniksiň şekili bilen belli mozaikasy bar.
Dürli ýyllarda “Feniks” diňe bir kinoteatr däl, eýsem konsert meýdançasy we tans zaly bolup hyzmat etdi.
Onuň soňky eýesi Maýkl O’Salliwan 2021-nji ýylda pandemiýa sebäpli kinoteatry ýapmaly boldy. Indi The Phoenix Cinema täze eýeleriniň ýolbaşçylygynda gaýtadan janlanar.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......