Werstappen möhletinden öň “Formula-1-iň” dördünji gezek çempiony boldy

  • 25.11.2024 10:53
  • 1.9k+

“Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1-iň” Las-Wegasyň Gran-prisi tapgyrynda bäşinji orny eýeläp, möhletinden ir dünýä çempiony boldy.

Ýaryşyň netijesinde Werstappen sürüjileriň sanawynda ikinji orunda gelýän britaniýaly Lando Norris üçin yzyndan ýetmezek boldy. Norris titul gazanmak mümkinçiligini saklamak üçin Las-Wegasyň Gran-prisinde Werstappenden üç utuk köp gazanmalydy, ýöne Norris pellehana altynjy bolup geldi.
Ýaryşyň ýeňijisi “Mersedesden” britaniýaly Jorj Rassell boldy. Ikinji orny onuň watandaşy we topardaşy Lýuis Hemilton (+7,313 sekunt) eýeledi, üçlügi “Ferrariden” ispaniýaly Karlos Saýns (+11,906) jemledi.
Şeýle-de, ilkinji onluga girdi: 4. Şarl Lekler (“Ferrari”); 7. Oskar Piastri (“Maklaren”); 8. Niko Hýulkenberg (“Haas”); 9. Ýuki Sunoda (RB); 10. Serhio Peres (“Red Bull”).
“Alpiniň” ýaryşa gatnaşyjysy fransiýaly Pýer Gasli 16-njy aýlawda, “Uilýamsdan” Aleksander Albon bolsa 26-njy aýlawda ýaryşdan çykdy.
Werstappen dördünji gezek dünýä çempiony boldy. Ol ilkinji titulyny 2021-möwsüminiň jemi boýunça gazandy. Niderlandly “Formula-1-iň” çempionaty azyndan dört gezek utan altynjy gatnaşyjysy boldy. Rekord germaniýaly Mihael Şumahere we Hemiltona (her biri 7 titul) degişlidir.


düýn 07:51
3.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....