Netflix ýakynda “Kalmar oýny” serialy boýunça mobil oýnuny çykarar

  • 25.11.2024 10:50
  • 2.5k+

Netflix akym hyzmaty Günorta Koreýanyň “Kalmar oýny” drama trilleriniň esasynda Squid Game: Unleashed mobil oýnuny çykarar. Oýnuň relizi Android we iOS üçin 17-nji dekabrda, serialyň ikinji möwsüminiň çykmazyndan dokuz gün öň bolar. Squid Game: Unleashed diňe Netflix programmasynda elýeterli bolar. Oýun üçin deslapky hasaba alyş eýýäm açyk bolup, reliz güni munuň üçin ýörite skin berler.

Squid Game: Unleashed oýnunyň serial bilen deňeşdirilende, animasion stilde ýerine ýetirilendigine garamazdan, onda sütemlerde kemlik ýok. Treýlerde wirtual gatnaşyjylaryň awtobuslar tarapyndan kakylýandygy, şarlar bilen urulýandygy we tegelek byçgylar bilen kesilýändigi görkezilýär.
Oýny işläp düzüjiler Fall Guys stilinde güýçli göreşi, özboluşly stili döretmek üçin personažlary üýtgetmek mümkinçiligini, şeýle-de serialyň birinji möwsüminden tanyş duzaklary we synaglary wada berýärler.
Oýunçylar diňe bir diri galmak üçin däl-de, eýsem dünýäniň dürli ýerinden beýleki gatnaşyjylar bilen şöhrat gazanmak üçin bäsleşmeli bolar. Treýlerden görnüşi ýaly, ulanyjylar oýnuň dartgynlylygy we garaşylmadyk öwrümleri bilen “Kalmar oýnunyň” atmosferasyna doly girip bilerler.
Ýatlap geçsek, “Kalmar oýny” serialy 2021-nji ýylda dünýäniň 90 ýurdunda platformanyň iň köp tomaşa edilen seriallarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Şeýle-de, serial Netflix-iň taryhynda resmi taýdan iň meşhur serial boldy.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......