Türkmenistanda dünýädäki iri gaz käninden senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy

  • 25.11.2024 10:12
  • 5.9k+

Türkmenistanyň iň iri gaz käni bolan «Galkynyş» gaz käninden täze tebigy gaz akymy alyndy. Bu barada TDH habar berýär.

Kändäki 265-nji belgili ulanyş guýusynda 4485 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4417 — 4281 we 4266 — 4226 metr aralyklardaky gatlaklarda täze tebigy gaz akymy alyndy. Çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metre deň boldy.
Burawlaýjylaryň bu işde netijeli, şol bir wagtda-da ýokary hünär derejesini talap edýän çylşyrymly tehnologiýalary ulandylar.

Gorlary boýunça ägirt uly, tehniki görkezijileri boýunça deňsiz-taýsyz hasaplanýan “Galkynyş” gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär. Munuň özi tebigy gazyň gorlary babatda dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmündäki derejesini tassyklaýar.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....