Pixar studiýasy “Elio” animasion filminiň täze tizerini paýlaşdy

  • 24.11.2024 17:11
  • 3.2k+

Pixar studiýasy indiki taslamasy bolan “Elio-nyň” täze tizer-treýlerini görkezdi. Görkeziliş 2025-nji ýylyň 13-nji iýunyna meýilleşdirilýär.

Multfilmde baý hyýaly dünýäsi we kosmosa höwesi bolan bir oglanjyk hakda gürrüň berilýär. Günlerde bir gün kosmos syýahatyny arzuw edýän Eliony gelmişekler alyp gaçýarlar we ony ýalňyşlyk bilen Ýeriň lideri hökmünde kabul edýärler. Oglanjyk dürli galaktikalaryň wekillerini öz içine alýan "Communiverse" planetalar guramasyna düşýär. Ol gelmişekler bilen aragatnaşyk gurup, galaktikalaryň arasyndaky krizisi ýeňip geçmeli bolýar.
Multfilme Edrian Molina (“Kokonyň syry”, "Тайна Коко"; “Gowy dinozawr”, "Хороший динозавр"), Madlen Şarafýan (“Hin”, "Нора") we Domi Şi (“Bao”, “Men gyzarýaryn”, "Я краснею") režissýorlyk etdiler. Gahrymanlara Ýonas Kibrib ("Sugun şahly oglanjyk", “Мальчик с оленьими рогами”), Zoi Saldana (“Awatar”, “Galaktikanyň goragçylary”, "Стражи Галактики"), Remi Ejerli ("Aýdym aýt", “Зверопой-2”), Jamila Jamil (“Zenan-Halk”, "Женщина-Халк") we beýlekiler ses berdiler.
Başda "Elio" filminiň premýerasy 2024-nji ýylyň ýazyna meýilleşdirilipdi, ýöne Golliwudda bolan galmagally ýagdaý sebäpli ol yza süýşürildi.
Şu ýyl Pixar studiýasynyň "Tapmaça 2" (Головоломка 2) filmi taryhda iň köp girdeji gazanan animasion filmi bolup, 1,697 milliard dollar gazandy.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....