SpaceX kosmonawtlary Aýa äkitjek Starship HLS raketasyny renderlerinde  görkezdi

  • 24.11.2024 14:47
  • 2.7k+

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň Artemis III missiýasynyň çäginde NASA-nyň kosmonawtlaryny Aýa äkitjek Starship HLS gämisiniň suratlaryny çap etdi.

Starship HLS (doly aýdanda Human Landing System diýmekdir) 1972-nji ýyldaky Apollon missiýasyndan bäri adamlary Aýa äkitjek ilkinji kosmos gämisi bolar.
Gäminiň 20-nji noýabrda synag edilen prototipden düýpgöter tapawutlydygyny bellemelidiris. Ýokarky böleginde köp sanly penjiresiniň bolmagy sebäpli, gämi eýýäm gökdirän bina bilen deňeşdirilýär.
Şeýle hem SpaceX gäminiň içerki gurluşynyň ekipaž üçin “giňiş we amatly” boljakdygyny aýtdy.
Starship HLS kosmiki gämisini ulanýan Artemis III missiýasy 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda uçurylar. Raketa kosmonawtlary Aýyň orbitasyna eltip, Ýeriň emeli hemrasynyň üstüne tarap syýahatyny dowam etdirer. Missiýa 30 gün dowam eder.


27.06.2026 11:02
2k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 22:53
6.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

17.06.2026 17:42
6.4k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....