Keýn Bundesligada 50 goly Erling Holanddan çalt geçirip, täze rekord goýdy

  • 23.11.2024 21:47
  • 5.9k+

Germaniýanyň Bundesligasynyň 11-nji tapgyrynyň çäklerinde “Bawariýa” bilen “Augsburg” toparlary duşuşdy. Oýun “Arena Mýunhende” geçirilip, “Bawariýanyň” peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy. Oýnuň esasy emini Daniel Şlager boldy.

“Bawariýanyň” angliýaly hüjümçisi Garri Keýn bu oýunda öz hasabyna het-trik ýazdy. Indi oýunçynyň hasabynda Bundesligada 50 gol bar, bu görkezijä ol 43 oýnuň dowamynda ýetdi. Şeýlelikde, Keýn norwegiýaly Erling Holanddan 50 goly çalt geçirip, Bundesliganyň täze rekordyny goýdy. Holand Dortmundyň “Borussiýasynyň” düzüminde bu görkezijä 50 oýunda ýetipdi.
“Bawariýa” nemes Bundesligasynyň ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär. Topar 11 oýunda 29 utuk gazandy. Indiki tapgyrda Mýunhen kluby Dortmundyň “Borussiýasy” bilen duşuşar (30-njy noýabr).


şu gün 14:15
4.6k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.4k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......