Hytaýda 82,8 mlrd dollarlyk altyn ätiýaçlyklary tapyldy

  • 23.11.2024 11:42
  • 13k+

Hytaýly geologlar Hunan welaýatyndaky ýatakda, takmynan, 82,8 mlrd dollarlyk bahaly altyn ätiýaçlyklaryny tapdylar. Bu barada welaýatyň Geologiýa edarasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Edaranyň WeChat sosial ulgamyndaky habarynda bellenilişi ýaly, geologlar Pinszýan uýezdindäki Wangu altyn ýatagynda 2 müň metrden gowrak çuňlukda 40-dan gowrak altynly gatlagy ýüze çykardylar. Esasy gözleg zolagynda umumylykda 300,2 tonna altyn ätiýaçlygy tapyldy, magdanda altynyň iň ýokary düzümi bir tonna üçin 138 gram boldy.

“Hünärmenler Wangu altyn ýatagynda magdan känleriniň göwrüminiň uludygy baradaky pikire geldiler. 3 müň metrden gowrak çuňlukda altyn ätiýaçlyklarynyň müň tonnadan gowrak boljakdygy, baýlyklaryň bahasynyň bolsa, altyn üçin häzirki bahalardan ugur alanyňda, 600 mlrd ýuana (82,8 mlrd dollar) ýetjekdigi çaklanylýar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Wangu ýatagynda magdany gözlemegiň 3D geologik modelirleme ýaly täze tehnologiýalary ulanyldy.
Hytaý dünýäde iň uly altyn öndürijidir. Bütindünýä altyn geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda Hytaý altyn önümçiliginiň, takmynan, 10%-ini emele getirdi.


düýn 11:17
4.5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....