Türkmenistanyň Prezidenti “Fitch Ratings” bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen teklibi goldady

  • 23.11.2024 09:00
  • 3.6k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna “Fitch Ratings” agentligi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen degişli teklibi hödürledi. Bu barada TDH habar berýär.

Wise-premýer Türkmenistanyň halkara maliýe reýtingini we abraýyny ýokarlandyrmak, degişli düzümler, hususan-da, Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, agzalan agentlik tarapyndan geçirilen seljerme işleriniň netijesinde, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň karz reýtingi ýokarlandyryldy. Wise-premýer degişli teklibi hödürläp, bu çäräniň ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga, karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, döwletimiziň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berýändigini aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň daşary ykdysady işini has-da ösdürmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Öň habar berşimiz ýaly, şu ýylyň awgustynda “Fitch Ratings” halkara reýting agentligi Türkmenistanyň karz reýtingini «B+» bolanlygyndan «BB-» çenli ýokarlandyrdy. Reýting boýunça çaklama - "Durnukly".
Kredit reýtingi harplarda belgilenýär - «A», «B», «C». Bu ýerde «A» reýtingiň ýokarsynda ýerleşýär. "B" görkeziji "B-", "B", "B+" görkezijilerden ýokardan ýerleşýär, ondan soň "BB-", "BB", "BB+" ýerleşýär we şeýdip, "BBB+" görkezijä çenli ýokarlanyp gidýär. Ondan ýokarda "A" belgiler başlanýar.
Bu reýting banklar we beýleki guramalar tarapyndan, şol sanda, ýurda garaşsyz maýa goýum bahalandyrmasyny almak isleýänler tarapyndan ulanylýar.


düýn 20:41
5.8k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

düýn 20:15
914

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
859

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
4.3k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....