Türkmenistanyň gümrükçileri Seulda sanly tehnologiýalar boýunça koreý tejribesini öwrendiler

  • 22.11.2024 22:34
  • 4.1k+

Günorta Koreýanyň Seul şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlar üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin okuw çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Bu çäre Aziýa ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada has gowy müşderi hyzmaty üçin has gowy gümrük” taslamasynyň çäginde geçirildi. Bu taslama Serhetüsti kagyzsyz söwda, töwekgelçilikleri dolandyrmak, Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasy ýaly ugurlary öz içine alýar diýip, Türkmenistanyň gümrük edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Çäräniň dowamynda koreý hünärmenleri täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we uly maglumat akymlary bilen işlemek nukdaýnazaryndan serhetleri döwrebaplaşdyrmak boýunça öz tejribesi bilen paýlaşdylar. Serhetüsti kagyzsyz söwda boýunça täze usulyýetler tanyşdyryldy.
Şeýle hem çärä gatnaşyjylar gümrük gözegçiligini ýeňilleşdirmek we Koreýa bilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlardan gyzyklanma bildirýänleriň arasynda global söwdanyň hereketini ýönekeýleşdirmek üçin serhetüsti sanly söwdanyň esasy ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....