22–23-nji noýabrda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

  • 22.11.2024 08:04
  • 2.6k+

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 22-nji we 23-nji noýabrda Aşgabatda Koreýanyň Medeniýet günleriniň geçirilýändigini habar berdi.

22-nji noýabrda Aşgabadyň ähli ýaşaýjylary we myhmanlary üçin açyk medeni maksatnama, “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde 17:00-dan 19:00-a çenli geçiriler. Bu gün gatnaşyjylar Koreýanyň ýörite foto meýdançasynda surata düşüp bilerler. Şeýle hem Koreýanyň özboluşly öwüşginli bezegleri we aýnalary döretmek senetleri bilen tanşyp bilerler. Koreýadan getirilen däp bolan koreý naharlaryny dadyp görerler.
Giriş tölegsiz.
23-nji noýabr Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sagat 19:00-da uly aýdym-sazly konserti bolar. Maksatnama Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde koreý ýerine ýetirijileriniň çykyşlaryny öz içine alýar.
Konserte giriş petek bilen goýberiler. Petekleri tölegsiz alyp bolar. Olary Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyndan 20-nji we 21-nji noýabrda alyp bilersiňiz (10:00-dan 20:00-a çenli, günortanlyk arakesmesi 12:30-dan 13:30-a çenli).


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......