Türkmenistanda iňlis dili boýunça okuw kitaby we "Türkçe-Türkmençe sözlük" neşir edildi

  • 22.11.2024 01:24
  • 6.5k+

Türkmenistanda täze okuw gollanmalary - umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin “Iňlis dili” okuw kitaby, şeýle hem «Türkçe-türkmençe sözlük» çapdan çykdy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilmegine görä, “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin niýetlenendir. Awtorlary - N.Öwezowa, R.Soýunowa, M.Allaberdiýewa. «Türkçe-türkmençe sözlük» kitabyny J.Gökleňow, A.Erjilasun – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy çapdan çykdy.
«Türkçe-türkmençe sözlük» okatmagyň we terbiýelemegiň esasy didaktiki ýörelgelerine esaslanylyp, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryndan hem-de öňdebaryjy tejribelerden netijeli peýdalanylyp taýýarlanyldy.

Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin “Iňlis dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby bu dersiň tassyklanylan okuw maksatnamasyna laýyklykda okuwçylaryň iňlis dilinde okamak, ýazmak, erkin gürlemek ýaly endiklerini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döreder.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan talyplar üçin okuw gollanmasy hökmünde hödürlenen bu sözlüge häzirki zaman türk edebi dilinde işjeň ulanylýan 20 müňe ýakyn söz, söz düzümleri girizilipdir.


30.05.2026 17:05
7.4k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.7k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......