Hytaýda içi uly seýilgähli 53 gatly gökdirän bina gurlup başlandy

  • 22.11.2024 00:42
  • 8.7k+

Hytaýyň günortasynda Şençžen şäherinde China International Marine Containers Group (CIMC) kompaniýasynyň täze ştab-kwartirasynyň gurluşygy başlandy. Binanyň beýikligi 270 metr bolar. Taslamanyň esasy aýratynlygy diňiň içinde birnäçe gaty eýelejek ýaşyl zolak bolar.

Gökdirän binada ofisleri, söwda meýdançalaryny we konferensiýa zallaryny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Binada 60 müňden gowrak adam işläp biler. Arakesme wagtynda işgärler binadan çykman, seýilgähde aýlanyp bilerler we ýokarky gatlar Sýanhaý aýlagynyň panoramaly görnüşlerini hödürlär.
Şeýle hem gökdirän binanyň üçeginde bag bolar.
Bina ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanar. Gökdirän bina ýagyş suwlaryny ýygnamak, galyndylary gaýtadan işlemek ulgamlary, şeýle hem tebigy ýagtylygy has köp ulanmak arkaly yşyklandyryş üçin energiýanyň sarp edilişini azaltmak üçin gündiziň ýagtysyny berýän  datçikleriň akylly ulgamlary bilen üpjün ediler.
Gurluşygy 2029-njy ýylda tamamlanmak meýilleşdirilýär.


18.06.2026 11:17
4.6k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....