“Minecraft” filminiň doly derejeli treýleri şowsuz kabul edilen tizeriň öwezini dolup, tomaşaçylaryň oňyn seslenmesini gazandy

  • 21.11.2024 10:57
  • 3.9k+

Warner Bros. kinokompaniýasy Jeýson Momoanyň gatnaşmagynda “Minecraft kinoda” (Майнкрафт в кино) filminiň doly derejeli treýlerini hödürledi. Kub dünýäsiniň ekranlaşdyrylmasynyň premýerasy 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde bolar.

“Maýnkraftyň” wakalary biziň günlerimizde ýaýbaňlanar. Sýužet boýunça şowsuzlyga uçran dört personaž syrly portal arkaly täsin kub dünýäsine düşýär. Indi olar öýlerine dolanmak üçin, ýerli bilermen Stiw bilen birleşip, batyrgaýlyk we ugurtapyjylyk görkezmeli bolar.
Stiwiň roluny Jek Blek ýerine ýetirýär we “Minecraft kinoda” treýleri onuň wakasynyň öňüsyrasyny açyp görkezýär. Ol çagalygyndan şahta barada arzuw edýär, ýöne bir gün onuň bu gyzyklanmasy ony “bloklardan gurup boljak ähli zadyň mümkin bolan jadyly dünýäsine” getirýär.
Iki ýarym minut töweregi dowam edýän wideoda Minecraft-yň muşdaklary oýun boýunça tanyş bolan jandarlary we predmetleri hem görüp biler.
Ýeri gelende bellesek, taslamanyň sentýabr aýyndaky tizeri dürlüçe garşylanyp, milliondan gowrak dizlaýk alypdy. Ýöne bu gezek muşdaklaryň treýlere garaýyşlary has oňyn boldy. Gysga wagtyň içinde wideo YouTube-da 267 müňden gowrak laýk aldy, dizlaýklaryň sany bolsa esli az. Ulanyjylar oýna bolan köp salgylanmalara, ownujak zatlara üns berilmegine we aýdym-sazyň şowly saýlanmagyna ýokary baha berdiler.
Jek Blekden başga-da, filmde baş keşpleri Emma Maýers (“Uensdeý”), Daniel Bruks we Jeýson Momoa (“Forsaž”) ýerine ýetirdi. Filmiň režissýory hökmünde Jared Hess çykyş etdi.


düýn 22:20
1.4k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

düýn 11:37
1.6k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....

26.04.2026 16:05
4.9k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

26.04.2026 11:04
4.4k+

«Ratatuý» multfilminiň döredilmegine esas bolan meşhur aşpez Bernar Luazo barada film surata düşüriler

Fransiýada «Ratatuý» multfilminiň döredijilerine ylham beren aşpez Bernar Luazonyň durmuşy barada terjimehal film surata düşüriler. Bu barada «The Hollywood Reporter» neşiri habar berýär....