“Meni sada adam hökmünde ýatda saklaň”: Rafael Nadal karýerasyny tamamlady

  • 21.11.2024 00:56
  • 5.8k+

Ispaniýanyň Malaga şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogynyň dörtden bir finalynda Ispaniýanyň tennis boýunça milli ýygyndysy Niderlandlaryň toparyndan utuldy.  

Duşuşyk niderlandlylaryň peýdasyna 2-1 hasabynda tamamlandy. Birinji oýunda ispaniýaly Rafael Nadal niderlandly Botik wan de Zandshýulpdan 4:6, 4:6 hasabynda utuldy. Ikinji oýunda Karlos Alkaras 7:6 (7:0), 6:3 hasabynda Tallon Grikspordan üstün çykdy. Jübüt görnüşde wan de Zandshýulp bilen Uesli Kolhof ispaniýalylar Alkaras bilen Marsel Granolýersden güýçli boldy – 7:6 (7:4), 7:6 (7:3).
Şeýlelikde, Niderlandlaryň milli ýygyndysy Dewisiň Kubogynyň ýarym finalyna çykdy. 
Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu oýun Rafael Nadal üçin karýerasynda iň soňky boldy. “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek çempiony oýundan soň professional karýerasyny tamamlady. 

“Titullar, sifrler – bularyň ählisi bar. Ýöne meni Malýorkadaky kiçiräk obadan öz arzuwyna tarap giden we şu günki şahsyýet bolmak üçin köp zähmet çeken sada adam hökmünde ýatlamaklaryny isleýärin” – diýip, Nadal karýerasyny tamamlamagy bilen bagly eden çykyşynda aýtdy.

Belläp geçsek, Dewisiň Kubogy 24-nji noýabra çenli dowam eder.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......