Rafael Nadal karýerasyny tamamlaýar

  • 10.10.2024 17:23
  • 3k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal professional karýerasyny tamamlady. Bu barada türgen sosial ulgamlarynda habar berdi.

“Hakykat şeýle, bu kyn ýyllar boldy, aýratynam, soňky iki ýyl. Men çäklendirmesiz oýnap bilerin öýdemok. Bu, elbetde, esli wagtymy alan kyn çözgüt boldy. Ýöne bu durmuşda ähli zadyň başlangyjy we soňy bar. Meniň pikirimçe, bu göz öňüme getirişimden has uzak we üstünlikli bolan karýeramy soňlamagyň tüýs wagty” – diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, Nadal soňky ýaryşynyň Dewisiň Kubogy boljakdygyna begenýändigini sözüniň üstüne goşdy. Bu ýaryşda türgen öz ýurduna wekilçilik eder. Ýaryş 19 – 24-nji noýabrda Ispaniýanyň Malaga şäherinde geçiriler.
Nadal 2001-nji ýylda professional derejede çykyş edip başlady. Karýerasynyň dowamynda iki gezek Olimpiýa çempiony boldy (2008-nji ýylda Pekinde ýekelikde we 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda jübüt görnüşde), ençeme gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýeňiji boldy: Rolan Garros, Wimbledon, US Open, Australian Open. Ispaniýalynyň ýekelikde 92 tituly bar. Ol 209 hepde dünýäniň birinji raketkasy boldy.  


26.10.2025 09:40
4.2k+

SportsPro 2025-nji ýylyň iň köp gyzyklanma bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi

SportsPro žurnaly 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi. Sanawy düzüjiler isleg görkezijisini üç ölçeg: şahsy brendiň güýji, ykdysady mümkinçilikler we elýeterli bazar gurşawy, ýagny öz sport görnüşinde gazanç mümkinçiligi boýunça hasaplady...

22.10.2025 20:05
787

Halkara tennis federasiýasy adyny World Tennis diýip üýtgeder

2026-njy ýyldan başlap Halkara tennis federasiýasy (International Tennis Federation, ITF) täze — World Tennis — atlandyrylar diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Adyny üýtgetmek baradaky karary ITF-iň düzümine girýän milli tennis birleşikleriniň köpüsi goldady...

17.10.2025 11:37
6.4k+

102 ýaşly we 97 ýaşly tennisçiler taryhda iň garrylaryň tennis duşuşygyny geçirdiler

Amerikaly Artur Lind bilen awstraliýaly Genri Ýang tennis taryhyna girip, iň garry oýunçylaryň arasyndaky duşuşygy geçirdiler. Bu barada Halkara Tennis Federasiýasynyň (ITF) metbugat gullugy habar berdi. 102 ýaşly Ýang we 97 ýaşly Lind Horwatiýanyň Bol şäherinde geçirilen ITF World Championship ýaryşynyň çärýek finalynda duşuşdylar...

04.10.2025 15:28
2k+

ATP-nyň Jemleýji ýaryşynyň baýrak gaznasy rekord derejä — 15,5 million dollara ýetdi

Professional tennisçiler assosiasiýasy (ATP) 2025-nji ýylda geçiriljek ATP-nyň Jemleýji ýaryşynyň baýrak gaznasyny mälim etdi. Bu ýylky baýrak gaznasy ýaryşyň taryhyndaky iň ýokary görkeziji bolup, 15,5 million dollara deň boldy...