2025-nji model ýylynyň Lexus RZ awtoulagy hödürlendi: bahasy 44 müň dollardan başlaýar

  • 21.11.2024 00:39
  • 11k+

Lexus kompaniýasy 2025-nji model ýylynyň RZ awtoulagyny çykardy.

Model iki görnüşde elýeterlidir: RZ 300e we RZ 450e. Esasy wersiýasynyň bahasy 43 975 dollardan başlaýar. Bu barada Hytaýyň ITHome çeşmesi habar berýär.

Lexus RZ 2025-iň daşky görnüşi öňki modeliňkä meňzeýär. Awtoulagyň esasy wersiýasy 18 dýuýmlyk tekerler, ýokary wersiýasy bolsa 20 dýuýmlyk tekerler bilen enjamlaşdyrylandyr.
Salony üç reňkde elýeterlidir: Akiyama Chestnut, Layer Grey we Storm Blue.
Awtoulagyň esasy wersiýasyndan panorama lýugy, sazlamalaryň ýady we gyraky aýnalaryň awtomatiki ýygnalmak we oturgyçlaryň howa täzeleniş funksiýalary aýryldy. Şeýle-de bolsa gyzdyrylýan rul we oturgyçlar, goşa zolakly howa gözegçiligi we 10 dinamikaly ses ulgamy saklanyp galdy.
Awtoulagda UF goragly panorama üçek we bäş sany USB-C porty bar.
RZ 300e modeli 201 at güýjüni öndürýän öňdäki hereketlendirijini ulanýar. Ýöreýiş ätiýaçlygy 428 km-e çenli.
RZ 450e wersiýasy iki hereketlendiriji we doly priwod bilen enjamlaşdyrylandyr. Öňki hereketlendirijiniň iň ýokary kuwwaty 203 at güýjüne ýetýär, yzky hereketlendirijisi bolsa 108 at güýjüni öndürýär. Bu model 5 sekuntda 96 km/sag tizlige ýetýär, ýöreýiş ätiýaçlygy – 354 km.


12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.2k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....