Stiwen King täze romanynda sýužet hatarlaryny we tanyş personažlary birleşdirer

  • 20.11.2024 15:14
  • 2.4k+

Elhençlik žanrynda özüniň eserleri bilen tanalýan Stiwen King “Never Flinch” (Никогда не вздрагивай) ady bilen täze romanynyň çykjakdygyny mälim etdi. Kitap 2025-nji ýylyň 27-nji maýynda satuwa çykar diýip, Entertainment Weekly habar berýär.

Neşir eserde birnäçe sýužet hatarynyň biri-biri bilen baglanyşjakdygyny belleýär. Olaryň biri ar almak isleýän ganhor, beýlekisi belli aktiwiste haýbat atýan yzarlaýjy barada gürrüň berer.

“Haçan-da Bakaý-Siti polisiýa edarasy “bigünä adamyň manysyz ölümi” üçin ar almak maksady bilen “13 sany bigünäni we bir günälini öldürmek” bilen haýbat atýan adamdan hat alanda, detektiw Izzi Jeýns öz jorasy Holli Gibnä kömek sorap ýüz tutmaly bolýar” – diýlip, kitabyň beýanynda aýdylýar.

Roman Kingiň okyjylaryna tanyş gahrymanlary öz içine alar. Mysal üçin, Holli Gibni ilkinji gezek Kingiň Bill Hojes baradaky trilogiýasynda peýda boldy – “Jenap Mersedes” (Мистер Мерседес), “Kim tapsa, özüne alýar” (Кто нашел, берет себе) we “Nobatçylygyň soňy” (Пост сдал). Soňra ol “Ýat” (Чужак) filminde çykyş etdi we “Gan döküler” (Будет кровь) powestiniň baş gahrymany boldy.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......