ABŞ-da itler we olaryň hojaýynlary üçin “taryhda ilkinji” kruiz bolar

  • 20.11.2024 13:29
  • 6.9k+

Günbatar Orlandodan Cruise Tails we Expedia Cruises kompaniýalary itleriň “taryhda ilkinji” gämili syýahatyny gurnamak boýunça hyzmatdaşlyk etjekdiklerini habar berdiler. Margaritaville at Sea gämisi 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Florida ştatynyň Tampa şäherinden Karib deňzi boýunça syýahata ugrar. People neşiriniň habar bermegine görä, syýahat 250 ite we olaryň hojaýynlaryna niýetlener.

Kruize goşulmak üçin syýahatçylar we olaryň haýwanlary ilki bilen tassyklama işinden geçmeli – zerur sanjymlary hödürlemeli we syýahat etmäge taýýardygyny görkezmeli bolar. Gämide adamlar we itler üçin bellibir düzgünler hereket eder.
Gämide her bir öý haýwanynyň eýesine hususy gullukçynyň berkidiljekdigi bellenilýär, ol syýahatçylaryň kaýutasynyň we umumy gäminiň talabalaýyk ýagdaýda bolmagyna gözegçilik eder.
Syýahatyň dowamynda it sergisi, dabaralar we iň gowy kostýumlaryň bäsleşigi gurnalar. Gämide itleriň grumeri, güjükler üçin massaž ýaly hyzmatlar hem hödürlener.
Neşiriň belleýşi ýaly, guramaçylar syýahaty “itler üçin ilkinji kruiz” hökmünde häsiýetlendirse-de, öý haýwanlary bilen syýahat etmek mümkinçiligini hödürleýän başga gämiler hem bar.
Mysal üçin, Cunard Line kompaniýasy adamlara Queen Mary 2 gämisine itlerini we pişiklerini ýany bilen almaga rugsat berýär.


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......