Gmail hakyky poçta salgysyny toslanan salgy bilen gizläp, spama garşy göreşer

  • 20.11.2024 12:13
  • 1.9k+

Google kompaniýasy Gmail-e “Goragly elektron poçtasy” (Shielded Email) ady bilen täze funksiýany girizmegi meýilleşdirýär. Ol ulanyjylara wagtlaýyn ýa-da bir gezeklik salgylary döretmek arkaly hakyky poçta salgysyny gizlemäge mümkinçilik berer diýip, 3DNews ýazýar.

24.45.33 wersiýaly Google Play Services-den alnan maglumatlara görä, täze funksiýa ulanyjylaryň gizlinligini goramak üçin niýetlenýär. Wagtlaýyn salga iberilýän hatlar awtomatik usulda esasy poçta gutusyna gönükdiriler.
Funksiýa, esasanam, poçta salgysynyň görkezilmegini talap edýän programmalarda we onlaýn-hyzmatlarda hasaba alynmakda peýdaly bolup biler. Wagtlaýyn salgylaryň ulanylmagy spam almak töwekgelçiligini peseldýär, onlaýn işjeňligiň yzarlanmak ähtimallygyny azaldýar we mümkin bolan maglumat syzmalaryndan goraýar. 
Häzirki wagtda funksiýanyň giň auditoriýa üçin haçan elýeterli boljakdygy we onuň nähili işlejekdigi belli däl.
Google her gün millionlarça habarlary süzüp, spam bilen işjeň göreşýär.


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......