Hytaý “Chang'e-8” missiýasynyň jikme-jikliklerini mälim etdi. Onda 6 tekerli Aý roweri we gumanoid apparat bolar

  • 20.11.2024 11:39
  • 2.3k+

Hytaý 2028-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýän “Chang'e-8” missiýasynyň işlenip taýýarlanylyşy baradaky jikme-jiklikleri paýlaşdy. Onuň esasy wezipesi Aý çeşmelerini ulanmak bilen baglanyşykly tehnologiýalary synagdan geçirmek bolar. Hususan-da, Aýyň topragyndan gurluşyk bloklaryny döretmek üçin 3D çap etmek we ýapyk ekoulgamy öwrenmek bilen bagly synaglara taýýarlyk görülýär diýip, Space.com habar berýär.

Toparyň baş konstruktory Wan Sýun gonuş modulynyň Aýyň üstünde enjamlary ýerleşdirmek üçin kran bilen üpjün ediljekdigini aýtdy. Missiýanyň toplumyna  panoramik kamera, Aý radary we infragyzyl spektrometr ýaly ylmy gurallar bilen enjamlaşdyrylan alty tekerli rower girer.
Başga bir agzalan enjam - dört tekerli, ýokarky bölegi adama meňzeýän robot onuň ýene bir gyzykly aýratynlygy bolar. Onuň ýerine ýetirmeli wezipeleri entek agzalmady.
Bu missiýa 2030-njy ýyllarda Halkara Aý gözleg stansiýasyny döretmek maksatnamasynyň bir bölegi bolar. “Chang'e-8” -den öň Hytaý 2026-njy ýylda “Chang'e-7” missiýasyna başlar, bu hem stansiýanyň taýýarlanmagyna goşant goşar.


düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......