Ýannik Sinner bir möwsümde baýrak gaznasy boýunça $17 milliona golaý gazandy: Alkarasdan $7 mln köp

  • 20.11.2024 10:07
  • 3.6k+

Professional tennisçileriň assosiasiýasy (ATP) 2024-möwsüminde gazanylan pul baýraklarynyň mukdary boýunça oýunçylaryň reýtingini hödürledi. Onda birinji orny uly tapawut (7 mln dollardan gowrak) bilen dünýäniň birinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner eýeledi. Onuň jemi gazanjy 16 946 149 dollar boldy. Onuň yzyndan 9 850 338 dollar bilen ispaniýaly Karlos Alkaras gelýär. Üçlügi 8 995 103 dollar bilen Germaniýadan Aleksandr Zwerew jemleýär.

Tennisçileriň möwsümde gazanan pul baýraklarynyň mukdary boýunça ilkinji onluk:

  1. Ýannik Sinner (Italiýa) – $ 16 946 149;
  2. Karlos Alkaras (Ispaniýa) – $ 9 850 338;
  3. Aleksandr Zwerew (Germaniýa) – $ 8 995 103;
  4. Teýlor Fris (ABŞ) – $ 7 006 195;
  5. Daniil Medwedew (Russiýa) – $ 5 615 756;
  6. Kasper Ruud (Norwegiýa) – $ 5 065 307;
  7. Nowak Jokowiç (Serbiýa) – $ 4 421 915;
  8. Andreý Rublýow (Russiýa) – $ 4 130 816;
  9. Aleks de Minor (Awstraliýa) – $ 4 080 046;
  10. Stefanos Sisipas (Gresiýa) – $ 3 528 424.

Ýatlap geçsek, ýakynda Ýannik Sinner ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda Teýlor Frisi utdy we ýeňiş üçin 4,8 mln dollar möçberde baýrak aldy.


şu gün 11:31
1.9k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......