Huawei Mate70 satuwa çykyp ýetişmänkä ýarym günde tas 2 mln deslapky sargydy özüne çekdi

  • 20.11.2024 09:59
  • 3.9k+

18-nji noýabrda Huawei kompaniýasy Mate 70 hatarynyň täze flagmanlaryny satyn almak üçin deslapky sargytlary kabul edip başlady we eýýäm häzir olaryň içerki bazarda hakyky ýörgünli smartfonlara öwrüljekdigi barada aýtmak bolar. Sebäbi VMall platformasynda bary-ýogy ýarym günde bu smartfony satyn almak üçin 1,8 mln sargyt ýygnaldy. Deslapky sargytlaryň sany bolsa her minutda diýen ýaly ýüzlerçe, müňlerçe birlik artýar.

JD.com platformasyndaky maglumatlara görä, bu hataryň Mate70 Pro modeline isleg has ýokary: Mate70 – 134 müň deslapky sargyt, Mate70 Pro – 200 müň deslapky sargyt, Mate70 Pro+ – 184 müň deslapky sargyt.
Mate70 hatarynyň gurluşlary üçin sargytlar 26-njy noýabra çenli kabul ediler, şol gün hem täze önümiň premýerasy bolar we deslapky satuwlar başlar.
Huawei dükanynyň işgärleriniň bellemegine görä, Pro modeli Hytaýyň Täze ýylyna çenli ýetmezçilik edip biler. 


18.06.2026 11:17
4.6k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....