Fudzi dagyna gijigip ýagan ilkinji gar bary-ýogy birnäçe günde eredi. Beýle ýagdaý öň hiç wagt bolmandy

  • 19.11.2024 20:19
  • 13k+

6-njy noýabrda Fudzi dagyna gaty gijigip düşen ilkinji garyň ömri gysga bolup çykdy. NASA-nyň Landsat 8 hemrasyndan alnan suratlara görä, birnäçe günden soň gar doly eräp, Ýaponiýanyň iň beýik gerşi ýene ýalaňaçlandy.

Bu ýagdaý 130 ýyllyk gözegçiligiň dowamynda ilkinji gezek hasaba alyndy. Adatça ýylyň şu döwründe Fudziniň depesi galyň gar bilen örtülýär. Alymlar şeýle adatdan daşary ýagdaýlaryň daglyk ýerlerde gar örtüginiň durnuklylygyna täsir edip, ählumumy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bolup biljekdigini duýdurýarlar.


Fudzi dagynyň adatça ýylyň şu wagtyna mahsus suraty. SUrat 2023-nji ýylda düşürildi. Çeşme: NASA

Meteorologlar bu hadysany adatdan daşary yssy howa bilen baglanyşdyrýarlar. Kofu şäheriniň Meteorologiýa Býurosynyň habaryna görä, 2024-nji ýylyň iýun aýyndan awgust aýyna çenli ortaça temperatura 1991-2020-nji ýyllaryň ortaça temperaturasyndan 1,76 dereje ýokary boldy. Bu sebit üçin rekord derejedir.
Beýikligi 3 776 metr bolan Fudzi dagy diňe bir Ýaponiýanyň tebigy nyşany bolman, eýsem, howanyň üýtgeýän şertlerinde ylmy barlaglaryň geçirilýän möhüm obýektidir.


18.06.2026 22:13
4.6k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......