Fudzi dagynyň depesi ahyrsoňy gar bilen örtüldi. Bu 130 ýylda iň giç ýagan ilkinji gardyr

  • 09.11.2024 08:41
  • 6.9k+

7-nji noýabrda Ýaponiýanyň meşhur Fudzi dagynda möwsümiň ilkinji gar örtügi peýda boldy. Bu 130 ýyllyk taryhyň dowamynda iň giçki ilkinji gar diýip, BBC habar berýär. Adatça, 3 776 metrlik dagyň depesi oktýabr aýynyň başyna gar bilen örtülýär.

Her ýyl Fudzi dagynda bolup geçýän üýtgeşmelere gözegçilik edýän Kofu Meteorologiýa Obserwatoriýasy 7-nji noýabrda ýerli wagt bilen sagat 6:15-de Ýaponiýanyň iň beýik depesinde garyň bardygyny resmi taýdan tassyklady. Synçylar ilkibaşda bulutlar sebäpli gar örtügini görüp bilmediler, ýöne howanyň durlanmagy bilen depede ýuka gar gatlagynyň bardygy görnüp ugrady.
Kyodo News -yň habaryna görä, şu ýyl ilkinji garyň ýagan senesi 1955-nji 26-njy oktýabryndaky we 2016-njy ýylyň öňki rekordyny täzeledi hem-de 1894-nji ýyldan ýöredilip başlanan ýazgylaryň içinde iň giçkisi boldy.
Ilkinji garyň şeýle giç peýda bolmagy sebitde adaty bolmadyk maýyl güýz bilen baglanyşykly: oktýabr aýynda Fudzi dagynyň gerşinde ortaça temperatura 1,6°C, bu ýylyň şu pasly üçin köp ýyllyk kadadan 3,6° C ýokary; Ýaponiýanyň Meteorologiýa guramasynyň habaryna görä, geçen tomus soňky 126 ýylda iň yssy tomus boldy, iýun-awgust aýlary aralygyndaky ortaça temperatura adaty kadadan 1,76° C ýokary boldy.
Fudzi dagy stratowulkandyr. Ol Tokionyň 90 km günorta-günbataryndaky Honsýu adasynda, wulkanyň köp ýyllyk işjeň sebitinde, gadymy wulkanlaryň üstünde ýerleşýär. Häzirki wagtda wulkan gowşak işjeň hasaplanýar, wulkan iň soňky gezek  1707-1708-nji ýyllarda atylypdyr.


18.06.2026 22:13
4.6k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......